Ýaňy ýakynda Mary welaýatynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň bezeg, amaly we mozaika sungatynyň sergisi açyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Bu waka, goňşy ýurtlaryň arasynda köptaraplaýyn gepleşikleri giňeltmek, parahatçylyga, durnukly ösüşe we halkymyzyň gülläp ösmegine ýardam berer. Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň düzüminde döredijilik toparlary, halk senetçiliginiň, mozaika, amaly-haşam sungatynyň ussatlary bu sergä gatnaşdylar.
Bagşy-sazandaryň ýerine ýetiren türkmen milli sazlary we aýdymlary serginiň baýramçylyk toýuna goşandyny goşdy. Şeýle hem Mary şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary Kemine döwlet drama teatryna çagyryldy, bu ýerde iki ýurduň aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmagynda konsert geçirildi.
Döredijilik çäresine gatnaşyjylar Parfiýanyň ýadygärliklerini hem-de arheologlaryň tapyndylary bilen tanyşdylar, olaryň ägirt uly ähmiýete eýedigini tassyklaýan we geljekki gözlegleri talap edýän soňky ylmy barlaglar baradaky maglumatlary aldylar.
Begenç HOJAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler