Ýaş nesliň ýörelgesi golundaky kitabydyr

“Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýip, özüniň ajaýyp goşgy setirlerinde belleýän Gündogaryň akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň bu dürdäne sözleri ýaş nesliň röwşen geljeginiň çyragydyr. Kitaba aýratyn göz bilen garaýan asly halal türkmen halkymyz ony aýawly saklap, geljekki nesillere miras galdyrypdyrlar. Muny biz ussat ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasynyň üsti bilen hem aýdyň görýäris.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan pähim-paýhasa eýlenen her bir eseri mugallymlardyr talyp ýaşlar üçin uly gollanmadyr. Çünki bu eserleriň her birinde ata Watanymyza, mähriban topragymyza bolan söýgi uly ussatlyk bilen beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň many-mazmuna baý kitaplary ýaş nesiller üçin görelde mekdebidir.

Jemal ATAJANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok