Türkmen ýaşlarynyň sport ulgamynda ýeten sepgitleri

“Saglygym – baýlygym” diýen atalar sözüni özlerine ýol-ýörelge edinen ata Watanymyz Türkmenistan Diýarymyzyň sport abraýy dünýä deresinde beýleki ugurlar bilen bir hatarda has-da belende göterilýär. Türkmen türgenleri bu günki gün dünýä derejesinde geçirilýän iri sport ýaryşlaryna güýçli depginde taýýarlanyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Döşleri medally türkmen türgenleri ýaşyl tugumyzy al-asmanda parladyp, Türkmenistan Watanymyzyň ösüşdir özgerişlerine özleriniň mynasyp we saldamly goşandyny goşýarlar. Elbetde, şeýle ýeňişleriň sakasynda bolsa, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna bildiren uly ynamy bar. Eziz Diýarymyzyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende götermekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun! Tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Jahansoltan AÝDOGDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok