Irki zamanlardan bäri halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna aýratyn sarpa bilen garap gelýän merdana türkmen halkymyzyň bu asylly däpleri Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Turuwbaşdan taryhy wakalara we şanly senelere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz diňe bir ýaşlary däl, eýsem, halypalary hem bir gez belende göterdi. Biziň hem zähmet çekýän Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyzda ýaş nesle görüm-görelde, ýol-ýörelge bolýan birnäçe professor-mugallymlar zähmet çekýärler. Olaryň ylym-bilim ýolunda alyp baran işleri ýaş hünärmenlerimiz üçin nusgalyk mekdepdir. Halypa şägirtlik gatnaşyklarynyň giň gerime eýe bolmagynda irginsiz işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun! Tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Adalat GARÝAGDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler