Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan, “Dowam bolsun!” atly şygyrynda
Durmuş bir kitap ýalydyr
Her ýyl täze sahypasy
– diýip belläp geçýär. Ynha 2023-nji ýyly üstünlikli tamamlap barýarys. 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýip yglan edilmegi ýyllaryň özara sazlaşykly gelýändiginiň nyşanydyr. Bu ýyl her bir türkmen kalbynyň aňynda, ruhunda, dünýäsinde, durmuşynda öçmejek yzlary goýup türkmen halkynyň taryhyna hem altyn harplar bilen ýazyldy.
Berjaý edip Milli Lider pendini
Gülzara öwürýär şäher-kendini
Nusgasy gaýratyň, edermenligiň
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent tutumlary il-ýurt bähbidine beslendi. 2023-nji ýylyň başynda ýagan gar diňe bir ene topragymyzy däl tutuş ýylymyzy bolçulyga, berekede, aklyga besledi. Diýmek tebigatymyz hem döwrüň, durmuşyň sazlaşygyna ajaýyp owaz bilen sesini goşupdy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2023-nji ýylyň “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly Kararnamanyň kabul edilmegi parahatsöýüjilik taglymatynyň döwlet syýasatymyzyň esasy ugrydygyny görkezýär. Parahat döwlete gülläp ösüşler, beýik işler ýar bolýar.
Her bir ajaýyp sazlaşyk döwleti belentlige, beýik ösüşlere ynsany bolsa kämillige ýetirýär. Goý bu ajaýyplyklaryň dowamaty dowam bolsun. Ýetip gelýän täze 2024-nji ýylymyz her bir türkmeniň ojagyna bagt, döwlet getirsin!
Gözel GUWANJOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler