Brýusselde ulag ulgamy boýunça maýa goýum forumy geçiriler

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde ulag ulgamynda maýa goýum forumynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýär we bu foruma türkmen tarapynyň hem gatnaşar.

Şeýle hem energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Ýewropa Bileleşiginiň degişli düzüm birlikleri bilen duşuşygy guramak boýunça işleri geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň şu ýylyň 18-19-njy dekabrynda Belgiýanyň Brýussel şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Adam hukuklary boýunça “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” dialogynyň 15-nji duşuşygyna hem-de “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki toparyň 22-nji duşuşygyna gatnaşmagy barada teklip edildi.

Ýewropa döwletleri bilen özarabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Kuwwat BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok