Armydyň düzüminde az mukdarda C, E, B witaminleri, minerallardan kaliý, magniý, demir bolup, ol mis, marganes, sink ýaly mikroelementleriň hem çeşmesidir. Onuň miwesinde 2,4 göterime çenli kletçatka saklanyp, munuň özi iç ýumşadyjy täsire eýedir. Onda tanin, alma miwesiniňkä görä, köp saklanýan hem bolsa, organiki turşular azdyr. Bu düzüm bölekler sowuklama garşy oňyn täsir edýär.
Armydyň gan basyşy peseldýändigi gadym döwürlerden bäri bellidir. Armyt miwesi böwregiň işleýşini hem sazlaýar. Bu häsiýetler onuň peşew çykaryjy täsiri bilen baglanyşyklydyr. Aşa semizlikde bellenilýän berhizlerde hem bu miwe ulanylýar. Bu ýene-de onuň peşew çykaryjy we iç ýumşadyjy täsiri bilen baglydyr. Bişen, ýumşak armyt iýmit siňdiriş ulgamynda çalt özleşip, içiň ýellenmeginiň öňüni alýar.
Armydyň düzüminde bedende suw saklaýan we gan basyşy ýokarlandyrýan häsiýete eýe bolan mineralyň — natriniň ýokdugy mälimdir. Armytda köp mukdarda kaliý saklanyp, onuň täsiri bolsa natriniň täsirine garşydyr. Bu miwe ýakymly tagamly we teşneligiňi gandyryjy häsiýete hem eýedir. Ony ter görnüşde iýmek has peýdalydyr. Çünki gaýtadan işlenilende armydyň düzümindäki witaminleriň köp mukdary ýitýär, ýöne şekeri we minerallary saklanyp galýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda armydyň ýokarky dem alyş ýollarynyň kesellerinde, inçekeselde, üsgülewügi peseltmekde peýdaly melhemlik häsiýetleri beýan edilýär.
Jeýhun GAÝGYSYZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler