Şu gün Arkadag şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda asylly däbe görä, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän şanly wakalaryň biri bolan «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde her ýylda guraýan bäsleşigine şu ýyl hem ýurduň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat we Arkadag şäherlerinden 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaşlar gatnaşdylar.
Ýaş aýdymçylaryň arasyndan jemleýji tapgyrda çykyş etmek üçin 10 aýdymçy saýlanyp alyndy. Jemleýji bäsleşige belli artistler, kompozitorlar, şahyrlar, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary we köp sanly ýaşlar tomaşa etmäge geldiler.
Şeýlelikde, bu gezekki bäsleşigiň ýeňijisi bolan Bahar Annaýewa «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp boldy. Oňa göçme kubok hem-de sowgat gowşuryldy. Ýeňijä kubogy «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň geçen 2022-nji ýyldaky ýeňijisi Rüstem Hallyýew gowşurdy.
Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanda ýaş estradaçylaryň arasynda geçirilýän dürli çäreler, şol sanda «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi ýaşlaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, ýerine ýetirijileriň hünär taýdan kämilleşmegine, ýurdumyzyň häzirki zaman aýdym-saz medeniýetiniň ösdürilmegine goldaw bermäge gönükdirilendir.
Gülälek HOJAKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler