14-nji dekabrda, Mary welaýatynda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungatynyň bilelikdäki sergisi öz işine başlady.
Ýurdumyzyň daşary döwletler bilen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän daşary syýasat ugry esasynda şeýle çäreleriň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny bellemek gerek. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ynsanperwer ulgamda däp bolan türkmen-eýran gatnaşyklaryny görkezmek bolar. Bu gatnaşyklar taryh, medeni taýdan umumylyga eýe bolan türkmen we eýran halklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşýandyklaryny görkezýär. Şu gezekki çäre ýurtlaryň köpugurly hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginde nobatdaky ädimdir. Munuň özi halklarymyzyň parahatçylykly durmuşyna, durnukly ösüşine we abadançylygyna ýardam edýär.
Bilelikdäki serginiň açylyş dabarasy Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi. Şu mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçiligiň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri ýygnandylar. Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň düzüminde döredijilik toparlary, halk senetçiliginiň, mozaika, amaly-haşam sungatynyň ussatlary bar.
Sergä gelenler bu ýerde köpugurly öwüşginde görkezilýän amaly-haşam sungatynyň, keramika, heýkeltaraşlyk, şekillendiriş sungatynyň we halk senetçiliginiň ussatlarynyň eserleri, şol sanda haly, keçe, kilim önümleri, milli lybaslar, saz gurallary, türkmen halkynyň durmuşda ulanýan beýleki esbaplary bilen tanyşdylar. El hünäriniň ussatlary haly, keramika hem-de keşdeçilik sungatynyň önümleriniň, milli saz gurallarynyň agaçdan we metaldan ýasalýan dürli görnüşleriniň taýýarlanylyşyny görkezip, olar barada gyzykly gürrüň berdiler.
Ogulnabat GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler