Sarpasy belent akyldar

Ata-babalarymyz “Zer gadryny zergär biler” diýip, örän jaýdar belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň mertebesini, at-abraýyny belende galdyrmakda alyp barýan adyl syýasatynyň, durmuşa geçirýän beýik işleriniň düýp mazmuny hem şol nakylyň manysy bilen baglanyşýar. 2024-nji ýylda bellenilmeli beýik akyldaryň şanly 300 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlygyň eýýäm üstümizdäki ýyldan badalga almagy, birnäçe baýramçylyk dabaralarynyň, döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň altyn asyry” bäsleşikleriniň çäklerinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly döredijilik bäsleşiginiň yglan edilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynda akyldaryň şygyrlaryny ylham çeşme hökmünde paýhasly setirleriniň manysyna garmagy, dürli dillerde şahyryň goşgular ýygyndysynyň neşir edilmegi, şeýle hem Köpetdagyň goýnunda Magtymguly Pyragynyň uly heýkeliniň gurulmagy sözümiziň aýdyň mysalydyr.

Magtymguly Pyragynyň arzuw eýlän döwranynda ýaşamak, okamak, döretmek kalbymyza üýtgeşik buýsanç berýär. Tutuş bir ýyly biz bilen baglanyşdyryp ” Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip yglan eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz tükeniksizdir. Magtymguly Pyragyny diňe türkmen halkyna däl dünýä halklarynyň göz guwanjyna öwürýän Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Enara SÄDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok