Köňülleriň çyragy

Magtymguly Pyragy türkmeniň beýik akyldary, şahyry ol ynsan kalbyny ýagşylygyň, päkligiň, halallygyň çeşmesi bilen suwarýar. Durmuşyň ähli öwrümlerini şygyrlarynda beýan edýär. Pyragynyň ajaýyp şygyrlary, köptaraply döredijiligi, nusgalyk pikirleridir ömür ýoly her bir türkmen üçin gymmatly gollanmadyr. Pyragyny okamak kalbyňda üçünji gözüňi oýarýar. Agy garany ýagşyny ýamany tanamaga kömek edýär. Akyldar özüniň şygyrlarynda Watany söýmegi, dost-dogana wepaly bolmagy, bir-biregi goldamagy, ejizlere hemaýat etmegi, myhmany güler ýüz bilen garşylamagy nesihat edýär.

Türkmen halkynyň bir saçagyň başyna jem bolup agzybir ýaşamagy baradaky Pyragynyň beýik arzuwlary bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda wysal boldy. Türkmen ili bugün Pyragynyň arzuw edişi ýaly bir saçagyň başynda gazanlaryny toýa atarýar, asudalygyň, parahatlygyň, bol-elinligiň hözirini görüp ýaşaýar.

Beýik akyldar Magtymguly Pyragyny tirsegine galdyran abraý-mertebesini dünýä tanadan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli tutumlary rowaç alsyn.

Aýsona DAŇATAROWA,

Türkmenistanyň Telekommumikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok