Häzirki zaman jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň alynyp barylmagy bilen baglanyşyklylykda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde hem birnäçe işler alnyp barylýar. Orta mekdepler bilen bir hatarda oba ýerlerinde täze çagalar baglarynyň hem gurlup ulanylmaga berilmegi muňa aýdyň mysaldyr.
Çagalar bagynyň terbiýeçileriniň esasy maksatlary döwrüň talaplaryna laýyk bolmak bilen şu aşakdakylardan ybaratdyr.
- Çaganyň sözleýşiniň ösüşine
- Çaganyň sensor ösüşine
- Çaganyň pikirlenmesiniň ösüşine
- Çaganyň ünsüniň ösüşine
- Çaganyň ýadynyň ösüşine
- Çaganyň hyýalynyň ösüşine has uly üns bermekden.
Çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalar hyýalynda dürli görnüşli ýagdaýlary göz öňünde getirip bilýär we şol ýagdaýlarda baş keşpde çykyş edýär. Hyýal-esasan çaganyň oýun işinde ýüze çykyp soňra onuň ýerine ýetirýän beýleki işlerine geçýär.
Çaganyň çagalar bagynda yzygiderli okamaga höwesli bolmagy onuň akyl we beden taýdan ösüşi bilen berk baglanşyklydyr. Mekdebe çenli taýýarlykda bolan çagalar esasan “Näme üçin”, “Nähili”, “Haçan”, “Nirede” diýen soraglary köp berýärler. Terbiýeçileriň esasy işi çaganyň her bir soragyna doly we dogry jogap bermekdir. Çaga akyl taýdan näçe işjeň (aktiw) bolsa ol soragy köp berýär. Çaga özüni gyzyklandyrýan zatlara köp üns berýär, gyzyklanmaýan zatlaryndan bolsa çalt ýadaýar.
Sultanpaşşa JUMANIÝAZOWA,
Darganata etrabyndaky 4-nji
“Bägül” çagalar bagynyň
terbiýeçisi.
Teswirler