Baş arçanyň çyralarynyň ýakylyş dabarasy boldy

2023-nji ýyl tamamlanyp, 2024 ýyla gadam basmaga taýýarlyk görülýän döwürde Täze ýyl baýramçylygynyň şowhuny has-da artýar. Ýurdumyzda däp bolşy ýaly, Baş arça paýtagtymyz Aşgabatdaky “Älem” medeni we dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdyldy. Şu gezekki Baş arçamyzyň beýikligi 44 metr, diamteri bolsa 16 metre deň boldy. Şu gün — 15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasynyň çyralarynyň ýakylyş dabarasy boldy.

Bu arçany bezemek üçin 4 müň oýunjak we 55 müň dürli reňkdäki yşyklar ulanyldy. Arçanyň çür depesinde bolsa, Täze ýyly alamatlandyrýan 2024 ýazgysy ýerleşdirildi. Mundan başga-da, bu arçada geljek ýylyň nyşany bolan Aždarhanyň däl-de, Türkmen senenamasyna görä, Balygyň şekili ýerleşdirildi. Täze ýyl baýramçylygynyň geçirilýän merkezine dürli monitorlar oturdylyp, ol ýerde sanly ulgam arkaly dürli şekiller görkezilýär.

Şeýle hem meýdançada çagalaryň söýgüli ertekileriniň gahrymanlaryny alamatlandyrýan heýkeller oturdyldy. Mundan başga-da, meýdançada Täze ýyl mynasybetli söwda ýarmarkasy guraldy.

Jennet ÇIÇAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok