Arkadag şäherindäki Täze ýyl arçasy ilkinji gezek yşyklaryny ýakar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda şanly seneler, goşa-goşadan gelýän toýdur baýramlarymyz ýokary guramaçylykly ýagdaýda, uly şatlyk hem şowhun bilen bellenilip geçilýär. Şeýle baýramlaryň hatarynda päk arzuwlary, ýagşy umyt-arzuwlary dabaralandyrýan Täze ýyl baýramy hem özboluşly täsirliligi bilen tapawutlanýar. Mähriban halkymyz belent ösüşleri, rowaçly menzilleri nazarlap gelýän Täze – 2024-nji ýyly ýokary ruhubelentlikde, zähmet üstünlikleri, beýik ýeňişler bilen garşylaýar. Bu babatda ýurdumyzyň söwda merkezlerinde, ak bazarlarynda sowgatlyk harytlarynyň, azyk önümleriniň bolçulygy üpjün edilip, halk köpçüligine ýokary hilli baýramçylyk hyzmatlary ýola goýulýar. Bagtyýar halkymyz ýene-de sanlyja günlerden şan-şöhratly wakalary özünde jemlän, şatlyga we buýsanja beslenen 2023-nji ýyly arka atar.

Şu gün ýagny, 15-nji dekabrda agşam «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň meýdançasynda oturdylan Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakylar. Şeýlelikde, bu çäre ýurtda Täze ýyl baýramçylygynyň başlanmagyny alamatlandyrar. Dabaradan soň, Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndaky şäherlerde bezelen Täze ýyl arçalarynyň hem baýramçylyk yşyklary ýakylar. Döwlet ähmiýetli Arkadag şäherindäki Täze ýyl arçasy hem ilkinji gezek yşyklaryny ýakar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Aşgabatdaky «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň meýdançasynda dikiljek Türkmenistanyň Baş arçasynyň beýikligi 44 metr bolar. Geçen ýylyň başynda Türkmenistan Baş arçasynyň beýikligi boýunça GDA ýurtlarynda öňdeligi eýeläpdi.

Gülşat MALIKULÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok