Ýurdumyzda adam hukuklarynyň alnyp barylyşy

Jemgyýetiň we döwletiň demokratik ýörelgeleriniň we hukuk esaslarynyň berkidilmegi, her bir adamyň raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmek Merkezi Aziýa sebitinde döwlet syýsatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Adam hukuklary baradaky mesele halkara hukugynda garalýan iň wajyp meseleleriň biridir. Adam hukuklary bu her bir adamyň jemgyýetde erkin, rahat we abadan ýaşamagy we durmuş gurmagy, jemgyýet we döwlet işlerine işeňňir gatnaşmaklary üçin zerur bolan hukuklarynyň we azatlyklarynyň jemidir.

Mälim bolşy ýaly, halkara giňişliginde her ýylyň 10-njy dekabry Adam hukuklarynyň halkara güni hökmünde bellenilip geçilýär. Onuň taryhy 1948-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Adam hukuklary hakyndaky  ählumumy jarnamasynyň  kabul edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Adam hukuklary hakyndaky ilkinji resminama 30 maddadan ybarat bolup onda, esasy hukuk çeşmesi hökmünde adam hukuklary, azatlyklary hakynda giňişleýin bellenilip geçilendir. Adam hukuklary hakyndaky  ählumumy jarnamasy bütin dünýäde iň köp 500-den gowrak dilde terjime edilen resminama bolup, ol  dünýä jemgyýetçiligi hem-de her bir adam üçin örän möhüm hukuk resminamasydyr. Adam hukuklarynyň berjaý edilmegi boýunça  ara alnyp maslahatlaşylýan halkara derejedäki konwensiýalar ýaly birnäçe resmi çäreler BMG-nyň wekilleri we şertnama gol çeken ýurtlar tarapyndan gurnalýar. Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynyň şekillendirilen neşiri, Eliks keşbini döreden suratkeş Ýasina Aita Kasiniň we  BMG-nyň  Sebit Maglumat Merkezi hem-de BMG-niň  Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissiýasynyň Ýewropa Sebit bölümi tarapyndan bilelikdäki taslamanyň çäginde taýýarlandy we işlenip düzüldi.

Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň, şol sanda adam hukuklary ulgamynda gatnaşyklaryň çäklerinde Türkmenistan möhüm halkara hukuk resminamalaryna goşuldy we şolarda tassyklanan düzgünleri amala aşyrmak boýunça anyk ädimleri ädýär.

Hakberdi BAÝMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok