Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde durmuşyň ähli ugurlarynda – ykdysady, syýasy, ruhy durmuşda, jemgyýetde ajaýyp üstünliklere eýe boldy.
Ruhy durmuşda gazanylýan üstünlikler barada aýdylanda, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda milli medeniýetiň we sungatyň ähli ugurlarynda ýokary derejelere ýetilýär. Sagdyn pikirleri, sowatly, dünýäniň ösen talaplaryna laýyk geçýän işi alyp barmagy başarýan täze nesiller barada uly aladalar edilýär. Ýaşlaryň dünýä medeniýetine, siwilizasiýasyna, milli we umumadamzat medeni mirasy bilen tanyşdyrylmagyna, zehinleriň ukyplarynyň ýüze çykarylmagyna giň ýol açylýar. Ynsanperwerlik, watanparazlyk, ideýalarynyň we duýgularynyň ösdürilmegine, milli hakyda, milli ähmiýetine düşünmeklige, türkmen milli medeniýetiniň gymmatlyklarynyň, kadalarynyň, onuň däp-dessurlarynyň dünýä ýaýylmagyna diýseň uly üns berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çuňňur üýtgemeleriň medeni we ruhy many-mazmunyny jemläp, şeýle ýazýar: “Bolup geçen düýpli özgerişler barada aýdylanda hut adamyň özünde esasy özgerişlikleriň bolup geçendigini bilmelidiris. Täze, hakyky Garaşsyz Döwleti diňe özüniň taryhy özboluşlylygyna we milli buýsanjyna düşünen adam gurup biler”.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diýarymyzy ylym-bilimiň esasynda uly ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.
Gözel REJEPOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
iňlis dili mugallymy.
Teswirler