Nebitgaz toplumynda gazanylýan üstünlikler ýerine gowuşýar

Garaşsyz, hemişelik  Bitarap ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni ösüşli, üstünlikli, şatlykly we buýsançly  wakalara beslenýär.

Şu gün ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Her ýylda bellenilýän bu hünär baýramymyzyň Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilip, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýlip yglan edilen “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” bellenilmegi biz ýaşlar  üçin has-da uly ähmiýete eýedir.

Çünki Türkmen halkynyň Milli Lideri- Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan iňňän parasatlylyk bilen dowam etdirilýän energetika syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumynda gazanylýan ösüşlere, ýetilýän sepgitlere ýaşlar öz saldamly goşandyny goşýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, döredip berýän mümkinçilikleri netijesinde, tebigy baýlyklaryň mekany bolan ýurdumyzda geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň netijesinde nebitgaz serişdelerine baý ýataklar ýüze çykarylýar,   nebitiň we gazyň  çykarylyşy we uglewodorod serişdelerini gaýtadan işläp, bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleriň öndürilişi barha artýar. Munuň özi diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän önümleri özümizde öndürmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilmegine däl, eýsem, olaryň daşary ýurt bazarlarynda ýerlenilmeginiň möçberini hem artdyrmaga ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň berýän goldawlary esasynda nebitgaz toplumynyň önümçiligine häzirki zamanyň iň kämil tähnologiýalary ornaşdyrylýär, şol innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan kärine ussat hünärmenler taýýarlanylýar. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öňümizde duran wezipeleri durmuşa geçirmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işlerde halkara hyzmatdaşlygyna hem uly orun berilýär. Dünýä belli nebitgaz kompaniýalary bilen iki tarapa bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýulýar. Munuň özi hem hyzmatdaşlyk edilýän ugurlarda işleriň ilerlemegine ýardam edýär.

Umuman, nebitgaz toplumynda gazanylýan üstünlikler sanardan kän. Olaryň ählisi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna saldamly goşandyny goşýar. Munuň özi bolsa öz gezeginde halkymyzyň bol elin, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär.

Men şu pursatda ýurdumyzyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň ählisini hünär baýramy bilen gutlaýaryn.   Bize şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaga, işlemäge giň mümkiçnilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri – Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň –  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik , il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň  rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

Yklym Myradow,
“Türkmennebit” döwlet konserniniň
Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we

maglumat howpsuzlygy müdirliginiň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok