Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden öňe süren «Watan – diňe halky bilen Watandyr. Döwlet – diňe halky bilen döwletdir» diýen şygarynyň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň subutnamalaryny biz gündelik durmuşymyzda kabul edilýän kanunlarda, kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we anyk işlerde görýäris. Ýurdumyzda hereket edýän we täze kabul edilýän kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalar raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny berkarar etmäge gönükdirilýär.
Ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen giň möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Raýatlarymyzyň ýaşaýşy üçin sagdyn ekologiki gurşawy, azyk howpsuzlygyny döretmek, sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak we ýeňilleşdirmek üçin tagallalar edilýär. Jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunlaryň hökmürowanlygy munuň özi döwletiň kanunçykaryjy edarasy tarapyndan döwletiň adyndan kabul edilýän kanunlaryň adalatlylyk, ynsanperwerlik, halk häkimiýetliligi, deňhukuklylyk, ynsanyň tebigy hem mizemez hukuklarynyň eldegrilmesizligi ýaly umumy ykrar edilen hukuk ýörelgelerine we hukugyň tebigatyna laýyk gelmegidir.
Hukuklar we azatlyklar hakynda beýan etmek bilen birlikde, «adam» we «raýat» diýen düşünjeleriň manysyna üns bermek hem ähmiýetlidir. Adam – bu aň-paýhasly, jemgyýetçilik jandary bolup, ol taryhy-jemgyýetçilik işjeňliginiň we medeniýetiň subýektidir. Raýat – düşünjesi «raýatlyk» düşünjesi bilen baglanyşyklydyr. Adamyň hukuklary halkara derejesinde Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy we beýleki halkara hukuk resminamalary, olary ykrar eden ýurtlaryň milli kanunçylygy bilen goralýan bolsa, raýatyň hukuklary durnukly hukuk arabaglanyşygy bolan ýurdunyň kanunlary arkaly kepillendirilýär. Döwlet her bir raýatyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar.
Adamyň hukuklary diýlende, onuň şahsy, ykdysady, durmuş, syýasy we medeni çygyrlardaky mümkinçiliklerine hem-de isleglerine, şeýle hem adamyň döwlet babatda hukuk ýagdaýynyň häsiýetlendirmesine düşünilýär. Ol hukuklar şahsy hukuklara, syýasy-jemgyýetçilik hukuklaryna, durmuş-ykdysady hukuklara we beýleki hukuklara we azatlyklara bölünýär
Yslam DURDYMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler