Türkmen talyplary Moskwada geçen «RUDN MathOlimp» Halkara matematika olimpiadasynda 6 altyn, 10 kümüş hem-de 4 bürünç medallara eýe boldular. Ýekelikde we toparlaýyn görnüşde geçirilen intellektual bäsleşige Russiýa Federasiýasynyň, Belarusyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Alžiriň, Beýik Britaniýanyň, Sloweniýanyň hem-de Fransiýanyň 30-a golaý ýokary okuw mekdebine wekilçilik edýän ýaşlar gatnaşdylar.
Meseleleri ýekelikde çözmek üçin bäsleşige gatnaşyjylara dört sagat wagt berildi. Şeýlelikde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Agabek Matýakubow, Balkan Jepbarow hem-de Hydyrberdi Rejepow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekili Nurmyrat Ataýew, şeýle-de Türkmenistanyň döwlet energetika institutyndan «ylymlaryň şasy» hasaplanýan matematikanyň muşdaklary Gurt Döwletow bilen Muhammet Annaýew altyn medallara eýe boldular.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri Şabibi Nurjanowa we Akmuhammet Akmyradow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden Myratgeldi Annamuhammedow, Medine Ödäýewa hem-de Döwletmyrat Esenow, Türkmenistanyň döwlet energetika institutyndan Akmuhammet Gurbangeldiýew, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden Döwran Myradow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan Kadyrberdi Annabaýew bilen Muhammetmyrat Goçmyradow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan Gurtgeldi Hanow dagy bolsa kümüş medala eýe çykdy.
Bürünç medallary eýelemek Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Nagym Taňrygulyýewe, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden Gülöwser Gylyçmämmedowa hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan Melike Jumaýewa bilen Ýazguly Aşyrowa miýesser etdi.
Mährijemal NURMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler