Türkmen halkynyň milli medeniýetini dünýä medeniýeti bilen baglanyşdyryp öwrenmegiň ýollary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygyndan we baky Bitaraplygyndan ugur alýan, dünýäniň dürli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny ýöretmek bilen ýurduň ykdysadyýetiniň ähli ugurlary boýunça düýpgöter özgertmeleri amala aşyrýar.

Ylmy esaslarda kabul edilen we yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýan, jemgyýetçilik durmuşyny köptaraplaýyn, düýpgöter özgerdýän milli maksatnamalaryň, olaryň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň esasy maksady-ýaş nesli watansöýüjilik äheňinde terbiýelemek, olara dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek bolup durýar. Bu babatda täze aň-düşünjeli, häzirkizaman jemgyýetine mynasyp ýaşlary taýýarlamak meselesi öňe sürülýär.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda milli öwüşginli medeni-ruhy gymmatlyklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň baýlaşmagyna mynasyp goşant goşup gelýär” diýip belledi . Garaşsyzlyk döwründe milli medeniýetiň düýpli ösdürilmegi bilen baglylykda, onuň nazaryýetine we taryhyna uly gyzyklanma döredi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döwlet her bir raýatyň ruhy taýdan ösmegine we döredijilik işi bilen meşgullanmagyna, öz medeni derejesini umumadamzat gymmatlyklary bilen baýlaşdyrmaga uly mümkinçilik döredýär. 2010-njy ýylda “Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyň kabul edilmegi bolsa maddy we ruhy gymmatlyklaryň ähmiýetini ýaş nesillerimize giňden öwretmäge mümkinçilik döredýär.

Dünýä medeniýetiniň kemala gelşine we ösüş aýratynlyklaryna üns berilmeginiň esasy sebäbi asyrlaryň jümmüşinde medeni mirasyň, hakydanyň, adamzat medeniýetiniň gymmatlyklarynyň türkmen halky tarapyndan özleşdirilmegini, milli medeniýetiň dünýäniň medeni gymmatlyklary bilen baýlaşmagyna, türkmen halkynyň naýbaşy maddy we ruhy gymmatlyklarynyň umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülmegine, täze medeniýetiň emele gelmegine, şahsyýetiň ruhy tarapdan kämilleşmegine ýetiren täsirini öwrenmekden ybaratdyr.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “..çuňňur bilimli, giň gözýetimli, zehinli, Watana, halka wepaly, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer şahsyýetleri kemala getirmegiň…” zerurdygyny belleýär. Türkmenistanyň gadymy we orta asyrlardaky şäherleri we döwletleri söwda aragatnaşyklarynyň, hyzmatdaşlyklarynyň ylmyň medeniýetiň ösmegine getirýär. Gündogaryň iň gadymy etnoslarynyň biri bolmak bilen türkmenler adamzadyň ahlak, maddy we ruhy medeniýetinde uly hyzmatlary bitiripdirler.

Biziň milli medeniýetimizi öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Abu Reýhan Biruny Gündogar halklarynyň, şol sanda Horezmiň taryhyny, medeniýetini öwrenmäge saldamly goşant goşan beýik alymlaryň biridir. Alymyň “Öten zamanlardan galan baky ýadygärlikler” atly uly göwrümli kitabynda orta asyrlarda gündogar halklarynyň taryhy, medeniýeti, baýramlary we dessurlary, dünýägaraýyşlary hakynda gyzykly maglumatlar berilýär.

Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň bölekleriniň biridir. Türkmen medeniýetiniň wekilleri dünýä siwilizasiýasynyň ösmegine önjeýli goşant goşupdyrlar. Türkmenler dünýä ilkinji arabany, ak bugdaýy, nepis halylary, dokma önümlerini, ahal-teke atlaryny, ruhy medeniýetde bolsa “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly umumadamzat mazmunly ruhy dürdäneleri, Al-Horezmi bilen “Algebrany”, “ikinji mugallym” Farabyny hem-de notasyny we beýlekileri beripdirler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlyk medeniýeti dünýä medeniýetiniň döreden iň gowy gymmatlyklaryny miras alyp, onuň üsti täze many-mazmunlar bilen baýlaşdyrylýar, ýitirilen ruhy gymmatlyklary dikeldilýär. Olary zamanamyzyň adamlarynyň sosial işeňňirligini, döredijilikli başlangyçlaryny, ýaş nesliň ahlak, gözellik medeniýetlerini ösdürmek we kämilleşdirmek üçin peýdalanýar.

Döwlet medeniýetiň ähli pudaklarynyň ösüşi baradaky maksatnamany taýýarlaýar. Bu çäreleriň amala aşyrylmagy üçin mirasy gorap saklamagyň, ýaýratmagyň, alyş-çalyş etmegiň ýollaryny, usullaryny, kanunalaýyklyklaryny bilýän sowatly, tejribeli kadrlaryň taýýarlanmagyny talap edýär. Döwlet Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda her bir raýatyň jemgyýetçilik peýdaly zähmetdir işinde olaryň döredijilik mümkinçiliklerini görkezmäge ýol açýar, ruhy ösüşi barada aladalanýar.

Kemal ÇARYÝAROW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
syýahatçylyk hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok