Türkmen agyr atletikaçy Doha şäherinde geçirilen ýaryşda altyn medala eýe boldy

Türkmen agyr atletikaçy türgeni Şahzatbek Mätýakubow, Katar Döwletiniň Doha şäherinde geçirilen şu ýylyň ikinji gran-pri ýaryşynda 97 kilogram agramda çykyş edip, altyn medala eýe boldy.

Ildeşimiz bu ýokary derejä jemi 371 kilogram agram görkezijisi bilen eýe boldy. Milli ýygyndy toparymyzyň tälimçisi Mansur Rejepowyň belleýşi ýaly, türkmen türgeniniň gazanan bu üstünligi Halkara Bitaraplyk gününiň giňden bellenilýän günlerinde hakyky toý sowgady boldy.

Türkmen türgeniniň ýeňşi hemmeleri haýrana goýdy. Ýaryşyň janköýerleriniň aglabasy bu agramda baş baýraga ermenistanly türgen Dewid Oganesýana nesip etjekdigine garaşýardy. Netijede, ol türkmen türgeninden 1 kilogram agram bilen asgyn geldi.

Bu netije Doha şäherinde geçirilýän ýaryşda Türkmenistanyň gazanan ilkinji iň ýokary baýragydyr. Türkmen türgenleriniň 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna ýol açýan bu ýaryşlarda başga bir ildeşimiziň bürünç medal gazanandygyny ozal habar beripdik.

Baýramgeldi GELDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok