Täze ýyl gelýär!

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly özüniň ajaýyp üstünlikleri, ýeňişleri bilen jemlenip barýar. Bu ýylyň ýaşlaryň durmuşynda aýratyn orun alyp, hakydalarda altyn harplar bilen bellenilendigi aýratyn bellärliklidir. Ýylyň ahyrynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlaryny sylaglandyrmak we sergi guramak işiniň amala aşyrylmagy bolsa bu döwletli başlangyjyň ajaýyp dowamaty bolar. Ýurdumyzyň daýanjy ýagty ertiriniň kepili bolan ýaşlarymyza bildirilýän beýik ynamy ýaşlaryň geljek täze ýylda hem ödemek üçin yhlas edip okajakdygyna, işlejekdigine, döretjekdigine ynandyrýarys.

Ata Watanymyzda ýyllar biri-birinden zyýada gelýär. Magtymguly Pyragynyň şanly 300 ýyllyk toýunyň bellenilip geçiljek 2024-nji ýylynda eziz diýarymyz toý donuna bürener. Täze ýyl maşgala baýramçylygy hasaplanylýar. Öýlerde bezelen owadan arçalaryň yşyklary körpeje çagalar bilen bilelikde ene-atalaryň hem köňüllerini joşdurar. Ak şäherimiz Aşgabadyň, “akylly” şäher Arkadag şäheriniň gujagyny bezeýän täze ýyl bezegleridir arçalary bolsa tutuş halkymyzyň asudalygynyň, bagtyýarlygynyň güwäsi bolup uzaklardan ýalkym saçýar.

Soňlanyp barýan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” ýaly geljek 2024-nji ýylyň hem şowlulyklara, üstünliklere, ýeňişlere beslenjekdigine ynanýarys. Goý, täze ýyl her biriňiziň döwletli ojagyňyza rysgal, döwlet, bagt getirsin!

Laçyn KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok