«Ring» belgili pagta ýüplügine isleg uly

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz pagta egriji fabriginiň önümleri dünýä we içerki dokma bazarlarynda meşhurlyk gazandy. Önümleri sarp edijileriň sanynyň barha artmagy hem muňa şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda bu ýerde öndürilýän ýüplük haryt-çig mal biržasynda baglaşylan şertnamalara laýyklykda, Italiýa, Hindistana, Türkiýä we başga-da ençeme ýurtlara eksport edilýär. Muňa kompaniýanyň şertnamalaýyn borçnamalarynyň öz wagtynda ýerine ýetirmegi we öndürilýän pagta ýüplüginiň hiliniň ýokarylygy ýardam edýär.

Fabrigiň ýöriteleşen «Ring» belgili pagta ýüplügine, esasan, dokma önümçiliginde isleg bildirilýär. Daşoguzyň fabrigi ýylda ýerli tebigy ösümlik çig maldan öndürilýän 14,5 müň tonna berk we ekologiýa taýdan arassa önüm öndürmäge niýetlenendir. Kärhana dünýä ölçeglerine laýyk gelýän pagta ýüplügini öndürmäge mümkinçilik berýän Italiýanyň öňdebaryjy «Marzoli», «Savio», «Loptex» kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Mundan başga-da, ýüzlerçe adamdan ybarat işgärleriň kärine ussatlygy her ýyl bellenilen tabşyryga üstünlikli hötde gelmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda on bir aýlyk tabşyryk 120%-den gowrak ýerine ýetirildi, bu fabrigiň işgärlerine iş ýylynyň üstünlikli tamamlanjakdygyna umyt baglamaga mümkinçilik berýär.

Täzegül HOJAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok