“Pyragyň waspyny äleme buşlar, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar”

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowamat dowamy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýuna görülýän taýýarlyklar eýýäm şu günlerden dowam edýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda Türkmen döwlet energetika instituty tarapyndan ýygnalyp neşir edilen “Pyragyň waspyny äleme buşlar, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly goşgular ýygyndysy hem Magtymguly atamyzyň şanly 300 ýyllyk baýramyna toý sowgady boldy. Ýygyndynyň sözbaşysynda Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewa döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlara özüniň halypalyk maslahatlaryny berýär. Şeýle-de geljekki şahyrlara uly ynam bildirip olaryň goşgularyna bir-birden ýüzlenip buýsançly setirlerini goldaýar.

Ýygyndyda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň şeýle hem talyplarynyň bagtyýar döwrümizi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyl syýasatlaryny, Watanymyzyň ýagty ertirini, ähli mukaddeslikleri wasp edýän goşgulary ýerleşdirilipdir. Biziň bilim ojagymyz bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary Annabeg Aýmakowanyň, Şöhrat Myradowyň, Miwe Ataýewanyň goşgularynyň ýygyndyda orun almagy aýratyn bellärliklidir.

Halypa şahyr Gözel Şagulyýewanyň sözüniň ahyryny şeýle jemläpdir:” Kitaba jemi ýüz otuzdan gowrak awtorlaryň eserleri girizilipdir. Bularyň ählisinde joşgunly ýüregiň urgusy bar. Watansöýüjiligiň belentligine, elýetmezligine höwesiň, hyýalyň, hyjuwyň darkaş gurýanlygy bellidir. Şu awtorlara döredijilikde, durmuşda uly üstünlikleri arzuw edýärin! Gahryman Arkadagymyzy, peder ýoluny merdanalyk bilen gerdenine alan Arkadagly Serdarymyzy apalamak, aýamak, söýmek, ýürek bilen sylamak bize parzdyr, borçdur.”

Muhammetgeldi DURDYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok