- Garda ýörelende çykýan sesler basylanda gar kristallarynyň döwülmesinden emele gelýär.
- Gar kristallarynyň bäş müňden gowrak görnüşiniň bardygy hasaba alnandyr. Örän köpsanlydygyna garamazdan, olaryň hiç biri beýlekisine meňzemeýär.
- Ýere gaçýan gar parçasynyň tizligi sagatda bir kilometre golaý.
- Gar parçalarynyň 95 göterimi howadan ybarat.
- Ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň ýarysyndan gowragy ömründe hiç hili hakyky gary görmedik.
- 19-njy ýanwar Bütindünýä gar güni.
- Mikroskopda garyň ilkinji fotosuratyny 1885-nji ýylda alypdyrlar. Amerikaly fotograf Uilson Bentli ony anyk düşürmek üçin 46 ýylyny sarp edipdir.
- Gar kristallaryny ilkinji bolup dürli toparlara bölen ýaponiýaly alym Nakaýa Ukiçirodyr. Şol sebäpli Ýaponiýanyň Hokkaýdo adasynda ýerleşýän dünýädäki ýeke-täk gar muzeýine onuň ady berlipdir.
- Häzirki wagtda adamlar diňe bir tebigy däl, eýsem, emeli garlardan hem peýdalanyp bilýärler. 1961-nji ýylda ilkinji emeli gar enjamy ulanyşa girizilýär. 1975-nji ýylda bolsa, ABŞ-nyň Winkonsin uniwersitetiniň talyby suwda buz kristallarynyň döremegine kömek edýän biologiki garyndylar bilen işleýän enjamy ýasaýar. 2014-nji ýylda Soçide geçirilen Gyşky Olimpiýa oýunlarynda şeýle enjamlaryň 500-si ulanylypdyr.
Dursunjemal RÜSTEMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler