Berekediň we bolçulygyň çeşmesi

Gülläp ösüşleriň ýurdy bolan ata Watanymyzda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, oba hojalygynda-da durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu pudakda zähmet çekýän her bir oba hojalyk işgäri döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, Diýarymyzyň ösüşine öz goşandyny goşmaga çalyşýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen heniz görlüp-eşidilmedik ösüşlere ýetýäris. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi günsaýyn gowulanýar, oba-şäherlerimiziň görki has owadanlaşýar, bagy-bossanlyklar döreýär. Ýaşaýyş-durmuşymyzyň ähli ugurlarynda bolup geçen özgerişlikler göwnüňi göterýär. Saçaklarymyzda azyklyk önümleriň bolçulygy üpjün edilýär. Ekerançylyk meýdanlarymyzyň hasyl berijiligi hem ýylsaýyn ýokarlanýar. Sebäbi hormatly Prezidentimiz daýhanlaryň hal-ýagdaýy bilen yzygiderli gyzyklanyp durýar.

Daşary ýurtlaryň kämil tehnikalarynyň döwletimiz tarapyndan yzygiderli satyn alynmagy daýhanlar üçin has uly goldaw bolýar. Biziň howa-toprak şertlerimize laýyk gelýän, iş öndürijiligi ýokary bolan tehnikalar işleri ýeňilleşdirýär. Şeýle bolansoň pagta bolsun ýa-da bugdaý, ekýän oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alynýar. Tohum, dökün we suw bilen ýeterli üpjün edilýär. Daýhanlarymyz her ýylda hem bugdaý, gowaça ýaly oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl ýygnaýarlar.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Aýsoltan ORUNOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok