Ösüşleri hem ýeňişli gadamlary bilen bu gün tutuş dünýä ýüzüne şan-şöhraty ýaýylan eziz Watanymyz Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda öňküden-de gülläp ösýär. Bagtyýar halkymyzyň tämiz maksat-myradyndan hasyl bolan bu berkarar döwrümiz köňüllere buýsanç, eýýamlara ýaraşyk! Häzirki wagtda sport döwleti hökmünde Türkmenistan ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki belent abraýy, gazanýan üstünlikleri sagdynlyga hem bagtyýarlyga badalga. Munuň özi ýaş nesilleri, türgenlerimizi sport ussatlygyny kämilleşdirmäge, ajaýyp ýeňişleri gazanmaga ruhlandyrýar, ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini giňden wagyz etmäge itergi berýär.
Çünki sport sagdynlygyň, gözelligiň, ruhubelentligiň aýdyň beýanydyr, berk bedenli we ruhubelent ýaş nesli terbiýelemek işinde uly ähmiýete eýedir. Köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak dürli keselleriň öňüni almak, şeýle hem zyýanly endiklerden, daşda durmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda ýurdumyzda üstünlikli geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenlerimiziň gazanan ajaýyp ýeňişleri gazanmaklary aýratyn bellärliklidir. Ilatymyzy bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga mundan beýläk-de giňden çekmek, jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etmegiň zerurdygy üns merkezinde saklanylýar. Bu bolsa sagdyn bedenli, maksada okgunly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli terbiýelemegiň aýrylmaz bölegi hökmünde öňe çykýar. Mundan başga-da, diýarymyzda ýaşlaryň dünýä ýüzünde meşhur bolan sportuň dürli görnüşlerini üstünlikli özleşdirmeklerine gönükdirilen giň şertler bar. Milli derejedäki ýaryşlar bilen bir hatarda, türkmen türgenleri sebit we halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar. Munuň özi olara peýdaly tejribäni özleşdirmäge, özleriniň sport mümkinçiliklerinden peýdalanmaga ýardam edýär.
Şeýle hem Olimpiýa maksatnamasyna girýän sport görnüşleri giňden ýaýbaňlandyrylýar, welosipedli ýörişler, dürli bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri yzygiderli guralýar. Umuman eziz Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda alnyp barylýan şeýle sport çäreleri Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, parahatçylygyň we sagdynlygyň aýrylmaz bölegi bolan ekologiýa hereketiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyňlygy bilen subut edýär.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler