Emeli aň tehnologiýasy indi beýni öýjüklerine gözegçilik edip bilýär!

Indiana uniwersitetiniň gözlegçiler topary tarapyndan işlenip düzülen ulgam neýronlardan alnan maglumatlary emeli aň bilen seljerýär.
Adamzadyň geljegine uly täsir edýän bu emeli aň tehnologiýasy ylmy jemgyýeti haýran galdyrdy.

Gözleg topary tarapyndan gönüden-göni beýni öýjüklerini ulanyp döredilen çip prototipi dürli adamlaryň seslerini duýmak we tapawutlandyrmak we dürli esasy matematiki meseleleri çözmek ukybyna eýe bolup, geň galdyryjy ösüş gazandy. Emeli aň tehnologiýasyny biologiki ulgamlara birleşdirýän çip, ylym dünýäsinde täze eýýamyň gapysyny açdy.

Çip öndürmek prosesinde gözlegçiler ýöriteleşdirilen kök öýjüklerini ulanyp laboratoriýada ösen neýron toparlaryny ulandylar. Bu neýron toparlaryny birleşdirip döredilen we ululygy nanometrden az bolan organoidi zynjyr tagtasyna birikdirdiler. Organoidden alnan seslenmeleri seljerýän emeli aň algoritmleri uly maglumat howuzuny döretdi we prototipiň mümkinçilikleri üçin daşky gurşawy taýýarlady. Örän çylşyrymly meseleleri çözmekde-de beýleki emeli aň modellerinden öňe geçmegi başarýan ulgam, geljegiň tehnologiýasynyň beýany hasaplanýar.

Süleýman AKMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok