Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiziň her bir gününi gurşap alýan taryhy wakalary, beýik ösüşleri ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň möhüm görkezijisi bolup, ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan işleriň, halkymyzyň abadan durmuşynyň, diýarymyzyň gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli ýola goýulýandygynyň aýdyň güwäsidir. Ata Watanymyzyň, sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbidine gönükdirilen möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna uly täsir edýär. Ýurdumyzyň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşmagy, häzirki zaman halkara ölçeglere laýyk gelýän binalaryňdyr desgalarynyň gurulmagy we pudaklaryň işiniň kämilleşdirilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Oba hojalyk pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, azyk bolçulygyny ýola goýmak boýunça zerur çäreler görülýär, obasenagat toplumyna öňdebaryjy tehnologiýalary, suw tygşytlaýjy usullary giňden ornaşdyrylýar. Telekeçilik ulgamynda hem täze önümçilikleri döretmek, olaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de hususy işewürligi höweslendirmek möhüm talapdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak bilen, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly ugry bolan bu pudagyň işini döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda alyp barmak, toplumlaýyn düzümleriniň işiniň depginini ýokarlandyrmak, gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, şunuň bilen birlikde, eksport mümkinçiliklerini ösdürmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Oba hojalygynda toplumlaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürilmegi, hususy pudagy ösdürmekde kiçi we orta telekeçiligiň hemmetaraplaýyn goldanylmagy netijesinde bu ulgamda uly üstünlikler gazanylýar. Önüm öndürijiler hemmetaraplaýyn goldanylýar, oba ýerlerinde täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek arkaly oba ilatynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýer-suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, tohumçylygy ösdürmek, innowasiýanyň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak babatdaky özgertmeleriniň çäklerinde amala aşyrylýan giň möçberli möhüm işler bu günki gün özüniň mynasyp miwesini berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda gallaçylyk we pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, gök ekerançylyk, miweli we bezeg bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk, bal aryçylyk ýaly ugurlary netijeli ösdürilýär. Edermen türkmen daýhanlary diňe bir ata Watanymyzyň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, dürli oba hojalyk önümlerini eksport edýän ýurt hökmünde hem tanalýar. Obada bazar gatnaşyklaryny ugur edinýän hojalygy ýöretmegiň täze görnüşlerine geçilmegi, ekologiýa taýdan arassa önümleriň önümçiliginiň artdyrylmagy ak bazarlarymyzy öz ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen doly üpjün etmäge uly mümkinçilik berýär.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler