Naryň saglyga peýdasy

Lukmançylyk ylmynyň tassyklamagyna görä, naryň miwesi ýokary bejerijilik häsiýete eýedir. Onuň himiki düzümi, görnüşine, ösýän ýeriniň topragyna, howa şertlerine bagly bolup, bu ýokumly we peýdaly iýmit bütin dünýäde bellidir. Naryň bişip ýetişmegi üçin yssy howanyň bolmaklygy hökmanydyr. Ol 9-12 derejä çenli sowuga çydap bilýär. Ol adamlara belli bolan iň gadymy ösümlikleriň biri hasaplanylyp, ilkibaşda, esasan hem Eýranda ösdürilip ýetişdirilipdir. Şeýlelikde nar miwe hökmünde ilki Aziýa ýurtlarynda ulanylyp başlanypdyr.

Nar agajynyň gabygy we köki dermanlyk häsiýete eýedir. Onuň ýapraklaryndan şypa beriji çaýy demleýärler. Şeýle hem nardan miwe suwy taýýarlanylyp, ol damarlaryň işleýşini gowulandyrýar. Lukmançylykda süýji naryň suwy böwregagyrylaryny bejermekde, turşumtyk naryň suwy bolsa böwrekdäki daşlary aýyrmakda we öthaltany arassalamakda peýdalanylýar. Başga-da, bagyr, öýken, dalak, galkan görnüşli we peşew mäzleriniň gowy işlemegine naryň suwunyň täsiri uludyr. Ony aşgazanasty mäz we düwnük kesellerinde, ganazlykda, ýokanç keselleri bejermekde hem umumy bejergi hökmünde ulanypdyrlar. Mundan başga-da, bu täsin miwäniň sesiňi arassalamakda, dümew, üsgülewük, gijilewük kesellerini bejermekde, bedeniň gyzgynyny kadalaşdyrmakda peýdasy uludyr.

Halk lukmançylygynda ata-babalarymyz naryň gülüni aşgazan we içege näsazlyklarynda, diş etiniň ganamagynda ulanypdyrlar. Naryň miwesi buşukdyryjy, ýara bitiriji we diş etlerini berkidiji serişde hökmünde belli bolsa, ondan taýýarlanan şire ganazlykda we sarygetirmede örän peýdalydyr. Naryň gabygy içgeçme keselinde gaýnadylyp ulanylýar.

Çynar AGAÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok