Gadym döwürlerden bäri adamlar suwy gaýnadyp, oňa dürli ösümlikleriň ýapraklaryny, baldaklaryny ýa-da miwelerini goşup, olary melhem hökmünde ulanyp gelipdirler. Bu ösümlikleriň köpüsi özüniň dermanlyk häsiýetleri bilen tapawutlanypdyrlar. Şeýle ösümlikleriň iň esasylarynyň biri hem keýik otudyr. Oňa il arasynda käkilik oty hem diýýärler.
Keýik otunyň watany Ortaýer deňziniň sebitleri we Türkiýe döwleti hasaplanýar. Bu otuň hoşboý ysy bar, ony dürli hili naharlaryň tagamyny süýjetmek üçin ulanýarlar. Käkilik otunyň ynsan saglygyny bejermekde dermanlyk aýratynlyklary bolup, aşgazan, öýken we içege kesellerini bejermekde halk lukmançylygynda giňden peýdalanylýar. Ondan başga-da bu ösümligi üsgülewüge, dem alyş ýollarynyň sowuklamasyna garşy çaý hökmünde içýärler. Ol adamyň gan akymyny kadalaşdyrýar, gandaky glýukozanyň mukdaryny sazlaýar.
Keýik otuny köp ýurtlarda şowlulyk getirýän ösümlik hökmünde hem ulanýan ekenler. Şeýle ýurtlardan biri hem Gadymy Gresiýa hem-de Müsürdir. Olar bu ösümligi ybadathanalarda we öýlerinde tütedipdirler. Türgenler we esgerler bolsa melhem hökmünde ulanypdyrlar. Olar bu ösümligiň ýagyny çykaryp, ony bedenlerine çalypdyrlar. Şeýtmek olara güýç berýär diýip hasaplapdyrlar.
Gadymy grek lukmanlary bolan Pedaniý Dioskorid we Pliniý keýik otunyň dermanlyk häsiýetleri barada öz ylmy işlerinde ýazyp geçipdirler. Russiýada ony ,,Ylahy ot’’ diýip atlandyrypdyrlar. Ony,, Bagt getirýär’’ diýen düşünje bilen toýlarda, ýörişe, awa ýa-da balyk tutmaga ugranlarynda tütedipdirler.
Keýik otunyň dermanlyk häsiýetleri barada Gahryman Arkadagymyzyň ,,Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri’’, ,, Çaý melhem hem ylham’’ atly ylmy-ensiklopedik işlerinde hem giňden agzalyp geçilýär. Bu ösümlikden taýýarlanylan çaýy kakadylan miweler bilen kabul etmek boýunça maslahatlar berjaý edilende bedendäki mikroelementleriň deňagramlylygynyň üpjün edilmegine oňaýly täsir edýär.
Ogulsona BEKOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti
kafedrasynyň mugallymy, lukmançylyk
gullugynyň maýory.
Teswirler