Gant şugundyry ýygnalýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda daýhanlara işlemäge, ýerden bereketli hasyl almaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Topraga ekleýjisi hökmünde garaýan ýer eýeleri hormatly Prezidentimiziň bugdaýdyr pagtanyň, süýjülik ekin bolan gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirmek baradaky tabşyryklaryna esaslanyp, bu ugurda yhlasly zähmet çekýärler.

Hormatly Prezidentimiz her gektar ýeriň düşewüntliligini artdyrmak, ýylda ýerden iki hasyl almagyň hasabyna öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmagy wezipe edip goýýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň kärendeçileri birnäçe müň gektar ýere ekilen gant şugundyryny agrotehnikanyň talaplaryna görä, otag, ýekeleme, suw tutmak, iýmitlendirmek işlerini göwnejaý geçirdiler.

Bu günki gün bereketli atyzlardaky yhlas siňdirilip ýetişdirilen gant şugundyry her bir kärendeçiniň göwnüni göterýär. Oba zähmetkeşleri halal zähmet çekmäge, azyk bolçulygyny artdyrmaga ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýarlar.

Nöker KADYROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok