Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda «Altyn Asyr» Söwda merkezi Täze ýyl nyşanly dokma önümlerden sowgatlaryň we egin-eşikleriň giň görnüşini hödürleýär.
Gyş baýramynyň esasy nyşanlary – arçada asylýan oýunjakly, garjagazly, şeýle hem geljek 2024-nji ýylyň nyşany bolan «Ýaşyl aždarhanyň» şekili bilen bezelen dokma önümleri alyjylarda baýramçylyk ruhuny döreder. Balyk we aždarha şekilli ýadygärlik sangyçlary bölekleýin, şeýle hem sowgatlyk toplumlarda satylýar.
Açyk reňkli kagyzlara gaplanyp bezelen sowgatlyk sebetleri has dabaraly görünýär. Dükanyň işgärleriniň toplan sowgatlyk her toplumynda özboluşly dürli zatlar bar. Diňe öz islegine görä önümleri saýlaýan alyjylar gerekli sowgatlary özbaşdak toplap bilerler.
Ýeri gelende belläp geçsek, söwda merkeziniň dürli bölümlerinde Täze ýyla degişli ýumşak sangyçlar we hammam halatlary, trikotaž önümleri, ýorgan-düşek sowgatlary, düşek ýapynjalary we örtükleri hödürlenilýär.
Medine ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler