Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa-Hytaý” döwlet baştutanlarynyň ilkinji sammitinde eden çykyşynda senagat hyzmatdaşlygynyň netijeli meýilnamalaryny döretmek, energetika we ulag pudagynda taslamalary bilelikde işläp taýýarlamak boýunça başlangyç öňe sürüldi. Sammitde ýurdumyz tarapyndan teklip edilen “Beýik ýüpek ýolunyň galkynyşy” taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi häzirki zaman ýörelgeleri boýunça Ýuwaş we Atlantik ummanlary birleşdirip, Özara baglanyşykly önümçilik we tehnologiki siklleri we senagat guşaklaryny emele getirip, Ýewraziýanyň ykdysady ösüşine güýçli itergi bermek üçin döredilendigine aýratyn üns çekdi.
Ýurduň ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň ösüşi we olaryň halkara giňişligine girişmegi, şeýle hem ulag howpsuzlygy jemgyýetiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin möhüm ähmiýeti bar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde “Bütindünýä durnukly ulag güni” baradaky Kararnamasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilmegi dünýä derejesinde ulag pudagynyň ähmiýetini aýdyň tassyklaýar. Halkara resminama laýyklykda, 26-njy noýabr BMG tarapyndan Bütindünýä durnukly ulag güni hökmünde yglan edildi. Kararnamanyň awtordaşlary bolup 67 ýurt çykyş etdi.
Ýatlap geçsek, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça ilkinji ähliumumy maslahat geçirildi. Şoňa görä 26-njy noýabryň bu güni bellemk üçin saýlanylmagy Türkmenistanda geçirilen ilkinji halkara forumyň netijeliligi we ýokary guramaçylyk derejesi bilen baglanyşyklydyr. Bu resminama, BMG-niň ähli agza ýurtlaryny, halkara, sebit guramalaryny we raýat jemgyýetini wagyz ediş işlerini we durnukly ulag pudagy, hususan-da, multimodal ulag baglanyşyklaryny gurmak, ekologiýa taýdan arassa ulaglary ösdürmek, jemgyýetçilik taýdan öz içine alýan ulag infrastrukturasyny döretmek barada jemgyýetiň bilimini giňeltmek boýunça çäreleri geçirmek arkaly Bütindünýä Durnukly Ulag Gününi bellemäge çagyrýar.
2014-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen “Ulag-üstaşyr geçelgeleriň halkara hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny” atly ýokary derejeli halkara maslahaty möhüm ädimleriň boldy. Maslahatyň netijeleri boýunça Aşgabat jarnamasy kabul edildi, bu ugurda hyzmatdaşlygyň ölçeglerini ösdürmegiň zerurdygyna düşünildi. Milletler bileleşiginiň işinde täze ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutup, bu resminama BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda kabul edilen “Ulag-üstaşyr geçelgeleriň halkara hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny” Kararnamasyny işläp düzmek üçin esas boldy.
Häzirki wagtda Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän milli ulag kanunçylygy ulgamy döredildi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan halkara transport ülňüleriniň emele gelmegine işjeň gatnaşýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag pudagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden kararlary bu ugurda aýdyň mysal bolup durýar.
Ulag ulgamynyň düýp manysy we esasy wezipeleri giňişlikde hereket etmek, adamlary we harytlary daşamak bolup durýar. Ulag – öndüriji bilen sarp edijiniň arasyndaky baglanyşykdyr. Ulaglar döwletleriň arasyndaky ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin bu ugurda halkara hukuk kadalary we milli kanunçylyk daşalyşyň şertlerini gowulandyrmagyň, onuň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwletler bilen halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm bölekleri diýip nygtalýar.
Ulag daşalyşlaryň islendik görnüşiniň ýol howpsuzlygy, raýatlaryň ömrüni, saglygyny we emlägini goramak, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak milli ulag kanunçylygynyň esasy ileri tutulýan ugurlarydyr. Türkmenistanyň ulag kanunçylygy halkara ülňüleri bilen utgaşdyrylýar we ulagyň ähli görnüşleri üçin düzgünleri öz içine alýar: Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksi (23.10.2008 ý.), Türkmenistanyň Howa kodeksi (10.01.2012 ý.), “Demir ýol ulaglary hakynda” (28.02.2015 ý.), “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” (31.03.2012 ý.), “Awtomobil ulag hakynda” (03.02.2013 ý.), “Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda” (03.02.2013 ý.), “Ulag howpsuzlygy hakynda” (01.05.2018 ý.), “Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary barada” (09.07.2018 ý.) Türkmenistanyň kanunlary.
Agakuwwat ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Teswirler