2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,3% boldy. Bu döwürde ýurtda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,6% köp önüm öndürildi. Bu gatnaşykda bölek satuw söwdasynyň mukdary 9,9 göterim ýokarlandy.
Ýurt boýunça Oba Milli Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýanwar-noýabr aýlarynda 52 sany durmuş maksatly desganyň, 34 sany suw arassalaýjy desganyň, 491 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň we ş.m. gurluşyk işleri geçirildi.
2022-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi we 2023-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda 6,2% galdy, bu görkeziji sentýabr aýynda geçdi we oktýabr aýynda saklanypdy – şeýlelik-de jemi içerki önümiň ösüşi hem 6,3% hasaba alyndy.
Läle ÝALDYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler