Türkmenistan we Eýran bilelikde sergi geçirer

14-15-nji dekabrda Mary welaýatynyň Mary şäherinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň bilelikdäki sergisi geçiriler. Serginiň dowamynda mozaika we amaly-haşam sungaty boýunça ussatlyk sapaklary, konsert dabaralary, medeni çykyşlar we beýleki çäreler bolar.

Çärä Eýranyň «Zendegiýe Aýinie Mazändäran» saz topary, iki ýurduň senetçileri, amaly-haşam sungatynyň wekilleri gatnaşarlar.

14-nji dekabrda Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtäba Ruzbehaniniň we Türkmenistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda serginiň açylyş dabarasy bolar. Çäre sagat 11:00-da başlaýar.

Şeýle-de şol gün Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda iki ýurduň sungat ussatlarynyň dostluk konserti bolar. Konsert sagat 18:00 – da başlaýar. Dabaralar 15-nji dekabrda hem dowam eder.

Mergensähet ATAJANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok