Türkmenistan Halkara sergiler býurosynyň geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlandy

Türkmenistan Halkara sergiler býurosynyň administratiw we býujet meseleleri geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlandy. Bu karar býuronyň Baş Assambleýasynyň 173-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edildi.

“Soňra “EXPO 2030” halkara sergisiniň geçiriljek ýurduny saýlamak boýunça ses berişlik geçirildi. Ses berişligiň netijesinde, Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäheri abraýly serginiň 2030-njy ýyldaky geçiriljek ýeri hökmünde saýlanyldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, “EXPO 2030” sergisini geçirmäge esasy dalaşgärler hökmünde Saud Arabystanyndan başga-da Italiýa we Koreýa Respublikasy boldy.

Arzuw ROZYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok