8-nji dekabrda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly ýörite maslahatynyň açylyşy boldy. Bu wekilçilikli forum şu ýylyň mart aýynda Bakuda geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19-a garşy göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjy esasynda guraldy.
Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäginde soňky ýyllarda Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen ýola goýan netijeli gatnaşyklary bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistan dünýäniň 120 döwletini harby-syýasy toparlara goşulyşmazlyk ýörelgeleri esasynda birleşdirýän bu guramanyň işjeň agzasy hökmünde çykyş edýär. Türkmen halkynyň halkara giňişlikdäki garaýyşlary-da elmydama ynsanperwer ýörelgelere esaslanyp gelýär. Munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine we parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik taglymlaryna ygrarlydygy bilen häsiýetlendirilýär.
Şu gezekki geçirilen giň gerimli forum ýylyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüldi. Oňa gatnaşmaga köp sanly diplomatiýanyň wekilleri, Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň 30-a golaýyndan lukmançylyk edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we BMG-niň beýleki düzümleriniň wekilleri geldiler.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan utgaşykly görnüşde guralan iki günlük maslahatyň gün tertibine umumy gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriň giň toplumy girizildi.
Gülçemen BAÝJANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler