Hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň parahatçylygy we abadançylygy

Dünýäniň syýasy arenasynda möhüm orun eýeleýän hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň parahatçylygyň we abadançylygyň merkezine öwrülmegi ugrunda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň akyl-paýhasly, öňdengörüjilikli daşary syýasaty esasynda täze, has ähmiýetli syýasy ýörelgä öwrüldi, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi halklaryň agzybirligi, dost-doganlygy ugrunda yhlasly hereket edýän ynsanperwer syýasat derejesine çykdy.

Özbaşdak döwlet hökmünde syýasy, ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygaryny baýdak edinen Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi Garaşsyzlygyň beren iň datly miwesidir. Hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk ýagdaýy bilen bagly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen Rezolýusiýalar halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň taryhynda halkara hukugynyň instituty hökmünde hemişelik Bitaraplygy resmileşdirýän resminamalar bolup durýar.

Halkyň durmuşynda uly yz goýan her bir sene mukaddeslik hökmünde halkyň taryhyna girýär. 12-nji dekabr hem türkmen halkynyň durmuşynda täze bir ýol-ýörelgäniň jarçysy boldy. Gahryman Arkadagymyz bu günüň aýratynlygyny özüniň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Häzir Bitaraplygyň alamatlary biziň gündelik durmuşymyzyň köp tarapynda öz beýanyny tapdy. 12-nji dekabr – türkmen halkynyň mukaddes baýramlarynyň biri – Bitaraplyk günüdir» diýip belledi. Bu gün bütin halkymyz ata Watanymyzyň Bitaraplyk derejesiniň şanly toýuny uly dabaralar bilen, şatlyk-şowhuna besläp belleýär.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi halkymyzyň bagtyýarlygynyň, azatlygynyň, mizemezliginiň hemişelik kepili bolup kalplarymyzy buýsançdan dolduryp dur. Ýurdumyzyň Bitaraplyk toýy örän ähmiýetli waka bolup, hoşniýetli goňşuçylyk, ähli halklar bilen dostlukda hem agzybirlikde ýaşamak hakyndaky halkymyzyň asylly meýlini Ýer ýüzüne jar edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän belent maksatlarynyň, oýlanyşykly wezipeleriniň hatarynda dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmegiň ileri tutulmagy we olara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesliniň aýratyn ornunyň ykrar edilmegi bellenmäge mynasyp. Häzirki wagtda Ýer ýüzünde-de, Türkmenistan döwletimizde-de ilatyň aglaba bölegini ýaşlar eýeleýär. Şoňa görä-de, ýaşlar başlangyçly, gujurly, tutanýerli, köptaraplaýyn ukyplarynyň we mümkinçilikleriniň ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagynda möhüm hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýär diýsek ýalňyşmarys. Soňky wagtlarda halkara jemgyýetçiliginiň parahatçylygy üpjün etmäge, dünýä halklarynyň häzirki we geljekki durmuşynyň abadan bolmagyny gazanmaga äşgär çagyryşlar giň gerime eýe bolýar. Olaryň esasy wezipesi-de her bir döwletiň ykbalyna täsir edýän çylşyrymly ýagdaýlaryň oňyn we özara bähbitli çözgüdini tapmak, düşünişmegi we ynanyşmagy gazanmak bilen gönüden-göni baglydyr.

Dünýä bileleşiginiň hemmeler üçin parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy we adalatly durmuşy gazanmaga bolan meýillerinde ýaşaýşyň dowamlylygyny üpjün edýän ýaşlaryň hem jogapkärli orny eýeleýändigini görmek bolýar.

Agakuwwat ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok