Gündogaryň beýik akyldary we dana şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän baýramyçylyk çäreleri diňe bir ýurdumyzda eýsem, daşary ýurt döwletlerinde hem giň gerim bilen dowam edýär.
Ýurdumyzyň ylym-bilim we medeniýet ulgamynyň wekilleri şu ýylyň dekabr aýynyň 4 – 9-y aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda boldular. Saparyň çäklerinde türkmen tarapynyň wekilleri 5-nji we 7-nji dekabrda ýewropaly alymlar bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşyklaryň dowamynda golýazmalary abat ýagdaýda saklamak, olary öwrenmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly pikirler alyşyldy. Germaniýa iş saparynyň dowamynda, 7-nji dekabrda Berlin şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahaty hem-de dana şahyryň nemes diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy bolup geçdi. Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynda eýeleýän orny, döredijilik hazynasy we soňky ýyllarda şahyryň ömür-döredijiligi bilen bagly täze düýpli açyşlar çykyşlaryň özenini düzdi.
German topragynda türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň şygyrlarynyň nemes dilinde belentden ýaňlanmagy buýsandyryjy waka öwrüldi.
Selbi DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
Teswirler