Ekologiýa – sazlaşykly ösüş

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmelerde daşky gurşawa aýawly çemeleşmek syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ekologiýa meseleleri ýaly örän möhüm ugurlarda halkara hyzmatdaşlyklara işjeň gatnaşyjy hökmünde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edip, tutuş adamzadyň geljegi bilen bagly meseleleri çözmek işini işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Daşky gurşawy goramak babatynda türkmen wekiliýetiniň ,,Zyňyndylary nol derejä çenli azaltmak’’ boýunça köpsanly ýurtlar bilen geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejesindäki maslahatlaryna gatnaşandyklaryny bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ösüşiň hasabyna obalaryň we şäherleriň arasyndaky tapawudyň azaldylmagyna, ilatly ýerlerde galyndylary dolandyrmagyň, durmuş we senagat galyndylaryny gaýtadan işlemegiň döwrebap tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Mundan başgada, ýurdumyzda milli hem-de ählumumy derejede ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn we uzak möhletleýin ,,Milli tokaý maksatnamasy’’ üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýlelik bilen, Türkmenistan tutuş adamzat üçin möhüm ekologiýa meseleleriniň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşip, bu ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.

Kerim ANNAGULYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok