Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy düýpli kämilleşdirilýär, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, alan bilimlerini yzygiderli ösdürmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Ylym-bilim bir düýpsüz umman mysalydyr. Şol ummanda batyrgaýlyk hem erjellik bilen gulaçlap, adamzada ýagty ýol görkezýän we oňa gowy ýaşaýşy bagyş edýän ylym-bilim hazynasyndan ýetdik paýyny alýan, geljegine ynamly türkmen ýaşlaryny göreniňde guwanýarsyň, buýsanýarsyň. Olaryň dürli ylym-bilim bäsleşiklerinde, halkara internet olimpiadalarynda gazanýan üstünlikleri bolsa buýsanjyňy has-da artdyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleriniň, ýylsaýyn gülleýän, gül açýan bilim daragtynyň ajaýyp miweleridir.
Ylym-bilim döwletiň we jemgyýetiň öňe gitmeginiň berk binýatlarynyň biridir. Şoňa görä-de, ýaşlara döwrebap bilim berip, ylmy-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek mugallymlaryň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bilimi ösdürmek, onuň hilini ýokarlandyrmaklyga sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň zerurlyklaryna laýyklykda, bilimiň ähli basgançaklaryny döwrebaplaşdyrmaga, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, ukyply we zehinli çagalary ýüze çykarmaga we olary goldamaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilendir.
Ýurdumyzyň geljegi ylymly-bilimli, sagdyn pikirli ýaşlara we olaryň hünär başarnygyna baglydyr. Kämil nesli ýetişdirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Eziz Diýarymyzda ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Leýla ŞARIPOWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta
mekdebiniň iňlis dili mugallymy.
Teswirler