ABŞ-nyň Hökümetiniň goldawy bilen Türkmenistanda howa zyňylýan metan zyňyndylaryny çäklendirmek boýunça meýilnamany taýýarlamak üçin Türkmenistana nebit inženerleri iberildi.
Tehniki hünärmenler döwlet nebit we gaz kompaniýalarynyň işgärleri bilen metan zyňyndylarynyň bölünip çykýan çeşmelerini öwrenip, geljekde olaryň öňüni almak üçin mümkin bolan usullaryň üstünde gözleg işlerini alyp bararlar.
Mundan ozal Türkmenistan we ABŞ maý aýynda bu ugurda iş toparyny döretmek we bilelikdäki maýa goýum meýilnamasyny düzmek barada ylalaşypdylar.
Golaýda bolsa Türkmenistan ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy.
Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynda ugurdaş nebit gazynyň gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak we tebigy gaz iberilende, onuň ýitgisini kemeltmek arkaly zyňyndylary azaltmak boýunça uly işler ýerine ýetirilýär.
Ogulbagt AÝDOGDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler