Ýaş nesli terbiýelemegiň milli etniki ýörelgeleri

Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgelerimize eýerip, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek wezipesi ene-ata bilen bilelikde bilim-terbiýeçilik işgärleriniň hem paýyna düşýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalarda milli däp-dessurlarymyza sarpa goýmak endiklerini ösdürmekde toplanan iş tejribelerden we usullardan peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr.

Ösüp gel­ýän ýaş nes­li döw­re­bap ter­bi­ýe­le­mek me­se­le­si he­mi­şe her bir jem­gy­ýe­tiň üns mer­ke­zin­de bo­lup gel­ýär. Her bir halk özü­niň dur­muş tej­ri­be­si­niň do­wa­myn­da ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­me­giň dür­li däp-des­sur­la­ry­ny, usul­lar­dyr tär­le­ri­ni we gör­nüş­le­ri­ni dö­re­dip, ola­ry bar­ha sün­nä­läp, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li ýe­tir­me­gi ba­şa­ryp­dyr. Bu ba­bat­da hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän däp­le­ri­ni, mil­li mi­ra­sy­my­zyň kök­le­ri­ni öw­ren­mek me­se­le­si aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Türk­men­le­riň ata-ba­ba­la­ry ta­ry­hyň dür­li dö­wür­le­rin­de ne­sil­le­riň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösen şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ne uly äh­mi­ýet be­rip­dir­ler. Şu jähet­den mil­li ruh­da, ylym­ly-bi­lim­li, berk be­den­li, sag­dyn ýaş nes­liň ke­ma­la gel­me­gin­de halk dö­re­di­ji­li­gi­niň gör­nüş­le­ri: aja­ýyp eser­ler, halk epos­la­ry, ro­wa­ýat­lar, er­te­ki­ler, hüw­dü­ler, lä­le­ler, ma­tal­dyr na­kyl­lar we mil­li oýun­lar ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­lyk­lar­dyr.

Terbiýe maşgaladan başlanýar. Körpeleriň maşgalada alýan terbiýesini çagalar bagynda utgaşdyrmak terbiýeçileriň esasy wezipeleriniň biridir. Munuň üçin her bir çaga aýratynlykda çemeleşmek gerek. Ony iş ýüzünde amal etmek üçin terbiýeçiler çaganyň gylyk-häsiýetini jikme-jik öwrenýärler. Şunda terbiýeçi bilen ata-eneleriň hyzmatdaşlygy möhüm ähmiýete eýedir. Ýaş nesliň kämil şahsyýet bolup kemala gelmegi, hemmetaraplaýyn düşünjeli bolup ýetişmegi üçin ähmiýetli ugurlaryň biri hem olarda ýokary hukuk medeniýetini ösdürmekdir. Ýaşlaryň kanunçylygyň düzgünlerine, kadalaryna we talaplaryna düşünip bilmek, jemgyýetde özüni tertipli alyp barmagy başarmak ukyplary dogabitdi bolmaýar. Bu düşünje-endikler ýörite geçirilýän terbiýeçilik çäreleriň täsiri esasynda emele gelýär.

Ogulaý AMANJAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok