Türkmen halkynyň ýyldyz senenamasyna laýyklykda, Uly çille gyşyň örküji hasaplanýar we ol dekabr aýynyň 8-inden ýanwar aýynyň 16-syna çenli dowam edýär. Ol pars dilindäki «çil» diýen sözden gelip çykýar, ýagny «kyrk» diýmekdir. Uly çille sowuk, garly howasy bilen tapawutlanýar. Uly çille Ülkeriň agşam dogýan senesiniň (dekabr aýynyň 8-i) we Üçýyldyzyň agşam dogýan senesiniň (ýanwar aýynyň 17-si) aralygyndaky döwürdir. Bu döwürde howa diýseň sowuk bolýar. Ot-çöpler gar bilen örtülýär.
Uly çille döwri kyrk gün dowam edýär. Ol döwür sowuk, garly, çygly howasy bilen tapawutlanýar. Uly çille çopandyr çoluklar üçin esasy jogapkärli möwsüm hasaplanýar. Türkmenistanda Uly çille döwrüni ygalsyz, garsyz göz öňüne getirmek bolmaz. Aram-aram bolýan maýyl howa öz ornuny aýazly howa bilen çalşyrýar. Onuň yzy durnukly gar örtügine tutýar.
«Ýylyň ýyldan, gyşyň gyşdan parhy köp» diýlişi ýaly, hemme gyşyň gelşi we çykyşy birmeňzeş bolmaýar. Gyş maýyl we çygly gelse, daýhanyňam, çopandyr çolugyňam aşygynyň alçy gopdugy. Aslynda, her bir zadyň öz wagty bar. Wagtynda ýagan gar-ýagyş bereket hasaplanypdyr. «Kiçi çillede bal hem bolsaň damma, uly çillede gan hem bolsaň diňme» diýen pähimem şondan dörän bolsa gerek.
Mähri ATAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler