“Hünärim buýsanjym” atly sergi bäsleşigi geçirildi

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň  arasynda “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO klubunyň hem-de “Ýaş alymlar geňeşiniň” guramagynda “Hünärim buýsanjym” ady bilen sergi bäsleşigi geçirildi. 

Bäsleşigiň maksady ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kemala getirmek we ösdürmek boýunça ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny artdyrmaga gönükdirilendir. Institutymyzyň 1-nji ýyl talyplary öz hünärlerini wasp etmek boýunça özara bäsleşdiler. 

Bäsleşigiň netijesi talyp ýaşlaryň, şeýle hem bu sergä gatnaşan mekdep okuwçylarynyň ses bermegi esasynda jemlendi. Ses berlişiginiň netijelerine görä, 1-nji orna Halkara hukugy, 2-nji orna Halkara gatnaşyklary, 3-nji orna bolsa Halkara žurnalistikasy fakulteti mynasyp bolmagy başardy. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi talyplaryň hünärlerine bolan söýgüsini artdyrmakda, ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýete eýedir.

Hydyr ERSARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok