Gündogar sebitiň şalyçylary zähmet üstünligini gazandylar

Gündogar sebitiň zähmetsöýer şalyçy daýhanlary Döwlete şaly tabşyrmagyň 2023-nji ýyl üçin şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen amal edip, ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar.

Olar möwsümde jemi 10 müňden gowrak gektar ýere şaly ekip, onuň her gektaryndan 50 sentnere golaý hasyl almaklygy başardylar. Bu bolsa gymmatly azyklyk ekini bolan şalynyň 50 müňe golaý tonnadan döwlet harmanyna tabşyrylandygyny aňladýar.

Sebitde şaly ekiljek meýdanlaryň öňünden kesgitlenilmegi, bu möhüm işe tejribeli daýhanlaryň çekilmegi, hysyrdyly zähmeti talap edýän bu ekine möwsümiň dowamynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilmegi bol şaly hasylynyň kemala gelmegine ýardam etdi.

Lebaply şalyçylaryň arzyly pellehana ýetmeklerinde Çärjew etrabynyň hasyl ussatlarynyň ýokary netije gazanyp, welaýat boýunça zähmet ýeňşiniň gazanylmagyna mynasyp goşant goşandyklaryny buýsanç bilen bellemek bolar. Welaýatyň Köýtendag, Kerki, Darganata, Halaç we Hojambaz etraplarynyň şalyçylary-da jogapkärli möwsümi zähmet üstünliklerine besläp, şu oba hojalyk ýylyna degişli şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirmekligi başardylar.

Gündogar sebitiň şalyçylarynyň ýeten belent sepgidi bu möhüm azyklyk ekininiň ekişinden başlap, tä hasylynyň ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyrylýança işleri guramaçylykly ýola goýup, yhlasly zähmet çekendikleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Aýlar HUDAYKULYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok