Türkmenistanda Täze ýyl söwda nokatlary işläp başlady

5-nji dekabrdan Aşgabatda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda Halkara Bitaraplyk gününe we ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan baýramçylyk söwdasy ýola goýuldy.

Ildeşlerimiz göçme söwda nokatlaryndan dürli görnüşli harytlary amatly bahalardan satyn alyp bilerler. Ýurdumyzyň raýatlaryna amatly bolmagy üçin göçme söwda nokatlary diňe merkezi bazarlarda däl, eýsem, ýaşaýyş ýerlerine ýakyn aralykda hem açylýar we olar ýurdumyzyň öňdebaryjy öndürijileriniň azyk önümlerini hödürleýärler.

Söwda tekjelerinde miwedir gök önümleriň, ýurdumyzda öndürilen süýji-kökeleriň, şiredir gazlandyrylan içgileriň, täze bişirilen we konserwlenen önümleriň dürli görnüşleri hödürlenýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, göçme söwda nokatlarynda arça agaçlaryny bezemek üçin oýunjakdyr jäjekleriň-de dürli görnüşleri bar. Bular ýüzüne dürli suratlar çekilen aýna toplar, oýnawaçlar, ýagtylyk çykarýan diodly bezegler, çyralar we başga-da köp zatlardyr.

Baýramçylyk önümlerinden doly Täze ýyl bazarlary Täze ýyl girýänçä işlär. Şonuň üçin-de her kimiň özi, garyndaşlary, ýakyn-ýaranlary we kärdeşleri üçin amatly bahadan sowgat almaga heniz wagty bar.

Deňli EKEÝEW,

Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok