Rosýanka – batgalykda, gum daşlarynda, daglarda, tokaýlarda, ýagny topragyň islendik görnüşinde duş gelýän ýyrtyjy ösümlikleriň bir görnüşidir. Bu ösümlik köpýyllykdyr. Ýapragynyň gyrasy we ýokary ýüzi tüýjagazlar bilen örtülendir. Olar gyjyndyrylanda gaharlanýar we mör-möjeklere duzak bolup hyzmat edýän sferik damjalara öwrülýär. Olaryň şol tüýjagazlarynyň uzynlygy 5 millimetrdir.
Rosýankanyň kiçi ýa-da uly, açyk gülgüne reňkli gülleri bardyr. Olaryň ähli görnüşleri hem ýyrtyjydyr. Ýapraklarynyň öndürýän ýeliminde mör-möjeklere we fermentlerine ysmaz täsir edýän maddalary bardyr. Mör-möjek tutulandan soň, ýapragyň gyralary ýapylýar we tutuşlygyna gurşalýar. Şol mör-möjek siňdirilenden soň , ýaprak ýene-de açylýar. Onuň iýmitini siňdirmesi hem birnäçe gün dowam edýär. Ösümligi iýmitlendirmegiň bu usuly, tükenen toprak şertlerinde iýmit üçin zerur bolan zatlary, ýagny natriý, kaliý, magniý, fosfor we azot ýaly maddalary siňdirmäge mümkinçilik berýär. Ýapragy epmegiň mehanizmi saýlanýar we diňe belokly iýmitlere täsir edýär, bir damja suwy ýa-da düşen ýaprak görnüşdäki tötänleýin täsirler iýmit siňdiriş işine sebäp bolmaýar.
Rosýankalar tohumlary, kesilen ýapraklary arkaly köpelýärler. Güllemek döwri rosýankanyň sortuna baglylykda üýtgäp durýar. Olar köplenç ýaz we tomus aýlarynda gülleýärler. Adatça, rosýankalaryň gülleri ösümlikleriň tozanlarynyň üstüne düşmezligi üçin uzyn baldakda ýerleşýär. Ony emeli usul bilen köpeltmek üçin bir baldajygyny kesip almaly we bir stakan suwa salyp goýmaly. Kökleri emele gelýänçä garaşmaly. Kökleri 1 hepdäniň içinde çykyp başlar. Üç ýa-da dört hepdeden soň ony toprakly gutujyga oturtsa bolar.
Ýakytjan ÝUSUPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler