Grandala – Aziýa ýurtlarynda duş gelýän, daşky görnüşi serçelere meňzeş bolan bir guş görnüşidir. Bu görnüş Gimalaý daglarynyň demirgazyk-günbatarynda Butana, şeýle hem Hytaýyň merkezi ýerlerinde köp duş gelýär. Olar göçüp gidýän guşlara degişli. Gyşyna bu guşlar maýyl ýerlere, ýagny günorta Mýanma sebitlerine gidýärler. Bu guşlar subtropiki we tropiki pes çygly tokaýlarda we meýdanlarda, şeýle hem 41-nji sowuk zonanyň meýdanlarynda ýaşaýarlar.
Grandala guşlarynyň bedeniniň uzynlygy 20,5-23 santimetr, agramy bolsa 38-52 gram aralygynda bolýar. Bu guşlaryň erkekleri we urkaçylary daşky görnüşi boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Erkek grandalaryň bedeni gök-çal reňkde bolup, diňe guýrugy we ganatlary garamtyldyr. Urkaçylarynyň bedeni bolsa ak zolaklary bolan goňur reňkli ýeleklerden ybarat. Ýelekleriniň ujy we aşaklary ak reňkli. Olaryň guýruk ýelekleriniň üstünde gök zolaklary hem bar. Ýaş guşlaryň daşky görnüşi urkaçy guşlara meňzeýär, ýöne olaryň guýruk ýelekleriniň üstünde gök reňkli zolaklary ýok. Bu guş görnüşi 3900-5500 metr belentlikdäki agaç çyzygynyň üstünde, dag gerişli çemenliklerde we derýa gyrymsylarynyň üstündäki gerişlerde köp duş gelýärler. Gyş aýlarynda 3000 – 4300 metr aralygynda dag eňňitlerinde ýaşaýarlar.
Grandala guşlary mör-möjekler we miweler bilen iýmitlenýärler. Olaryň köpelmek möwsümi maý aýy bilen iýul aýlarynyň aralygynda bolýar. Gaba şekilli höwürtgeleri gury otlardan, mohlardan düzülen we ýelekler bilen örtülen bolup, dik gaýalaryň gyralarynda bolýar. Olaryň ýumurtgalary agymtyl-ýaşyl reňde bolup, üstünde gyzyl- goňur tegmilleri bar.
Gözel MUSTAKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler